Garapynar Çöli

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1833914
Garapynar Çöli

Türkiýäniň çäklerinde çölüň bardygyny bilýäňizmi?

Türkiýäniň iň az ygally sebiti Garapynardyr. Garapynar Merkezi Anadolyda ýerleşýän Konýa welaýatynyň etraplaryndan biri. 1950-nji ýyllarda bolan ýel erroziýasynyň netijesinde 103,000 gektar meýdan guraklaşyp, gumuň süýşmegi sebäpli Garapynar, çöl meýdanyna öwrülipdir.

Garapynar çöli, şol bir wagtda-da gök meýdany taýdan belli çöllerden biri. 1959-njy ýylda türk inženerleriniň we ýerli halkyň hyzmatdaşlyk etmeginde sebitiň halas edilmegi üçin taslama başladylýar. Şeýlelikde Garapynar agaçlandyryş üstünligi bilen dünýä görelde bolýar. Erroziýa sebäpli çölleşen ýerler, geçmişde dolulygyna gumak bolan bolsa, häzirki wagtda çölleşmä nusga bir depe, agaçlandyrylan tokaý we ekin meýdanlary bar. Tebigat bilen göreş boýunça gazanylan göreşe şaýatlyk etmek üçin ýylda dürli ýurtlardan alymlar sebite gelip görýärler.

Taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Garapynar, hem çöli hem-de tektoniki kölleri bilen syýahatçylaryň ünsüni çekýär. Bu ajaýyp çöl şol bir wagtda-da Türkiýede safari guralýan saýlama ýerlerden biri.



Degişli Habarlar