Türkiýäniň Olimpiýýa Taryhy

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1702402
Türkiýäniň Olimpiýýa Taryhy

Türkiýäniň olimpiýýa oýunlaryna ilkinji gezek 1908-nji ýylda gatnaşandygyny bilýäňizmi?

1896-njy ýylda başlan döwrebap olimpiýýa oýunlarynyň 10-njy ýyllygy mynasybetli Afynyda geçirilen 1906-njy “Araky Olimpiýada oýunlaryna” türgen ugradan Osman döwletinin ilkinji resmi gatnaşygy iki ýyl soň amala aşýar. 1908-nji ýylda şu günki Türkiýäniň milli olimpiýýa Komitetiniň özenini emele getirýän Osmanly milli olimpiýýa Jemgyýeti döredilýär we Türkiýe resmi taýdan olimpiýýa oýunlarynda wekilçilik edilmäge hukuk gazanýar. 1908-nji ýyldaky olimpiýýa oýunlaryna gatnaşan gimnastikaçy Aleko Mulos olimpiýýa oýunlarynda resmi taýdan Türkiýä wekilçilik eden ilkinji türgen derejesine eýe bolýar.

Türkiýänin olimpiýýa taryhyndaky ilkinji altyn medaly Berlinde göreşçi Ýaşar Erkan tarapyndan alynýar. Olimpiada gatnaşan türk türgenleri 1936-njy ýyldan bäri tomusky olimpiýýa oýunlarynyň tas ählisinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Tokio 2020 bolsa Türkiýe 13 medal bilen iň köp baýrakly orun eýelän olimpiýýa oýunlary boldy.


Etiketkalar: #türgen , #Tokio , #olimpiada

Degişli Habarlar