Ermenistanyň goňşulary bilen bolan gatnaşyklary

Ýewraziýa Syn

1698992
Ermenistanyň goňşulary bilen bolan gatnaşyklary

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Ermenistanyň goňşy ýurtlar bilen bolan gatnaşyklary hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyn 18-nji awgustynda Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hökümetiň 5 ýyllyk maksatnamasyny yglan edýärkä, daşary syýasatda goňşulary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürjekdiklerini beýan etdi. Soň bolsa teleýaýlymlardan birinde çykyş eden Paşinýan hiç hili şert goýmazdan Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga taýardygyny beýan etdi. Nikol Paşinýanyň beýan etmegine görä Ermenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň bolmazlygy, serhetleriň ýapyk bolmagy sebitleýin durnuklylyga we parahatçylyga ýaramaz täsir ýetirýär.

Premýer-ministr Paşinýanyň şeýle beýannama bermegi duýdansyz bolan waka däl. Mälim bolşy ýaly Nikol Paşinýan günbatar bilen ýakyn gatnaşyk açmak wadasy bile häkimiýet başyna gelipdi. Günbatar bilen ýakyn gatnaşyk açmagyň ýoly bolsa Grzuziýa we Türkiýe bilen gatnaşyklary ösdürmekden geçýär. Paşinýanyň liderlik edýän Jemgyýetçilik ylalaşygy partiýasy goňşulary bilen gowy gatnaşyklar açmak hakyndaky niýetini ozalam beýan edýärdi. Parlament saýlawlarynda Nikol Paşinýanyň egindeşleri Türkiýe gatnaşyklary seljerjekdiklerini aç-açan beýan edipdi.

2021-nji ýylyň 20-nji iýunynda geçirilen parlament saýlawynda üstün çykan Jemgyýetçilik ylalaşygy partiýasynyň hökümeti gurmak üçin şäriklige mätäçlik duýmagy Nikol Paşinýanyň goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyna şert döredýär. Ermeni halky Garabagda ýeňilendigine garamazdan Paşinýany häkimiýet başyna getirip, onuň goňşular bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky sözüni goldaýandyklaryny görkezendigini aýdyp bileris.

Nikol Paşinýan üstümizdäki aýyň 2-sinde ýaňadandan premýer-ministrlige saýlandy. Soňky günlerde hökümetiň düzümi kesgitlenýärkä Daşary işler ministri iň soňunda bellendi. Nikol Paşinýana ýakynlygy bilen tanalýan Ararat Mirzoýanyň Daşary işler ministrligine bellenmeginden soň käbir töwerekler “Ol diplomatlykdan gelmeýär” görüşli tankydy bellikleri beýan etdiler. Premýer ministr Paşinýan belkem daşary syýasatda garaşylmadyk göçümler etmek üçin egindeşi Ararat Mirzoýany şol wezipä belländir. Daşary işler ministri Mirzoýan Türkiýäni ýakyndan tanaýan we günbataryň tarapynda durýan syýasatçy.

44 gün dowam eden Garabag söweşinden soň Russiýa, Azerbýjan we Ermenistan tarapyndan döredilen üçtaraplaýyn topar birnäçe aýlyk düşnüşmezlikden son ýaňadandan işe girişdi. Ol, Paşinýanyň goňşulary, esasanda Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga oňyn garaýandygyny görkezýär. Şol üçtaraplaýyn topar ençeme meseläni seljerýär. Emma Zengezur koridory taslamasy olaryň iň esasysy.

 

Ermeni syýasatynda ejizlän Garabag taýpasy, bu tagallanyň öňüni almak üçin elinden geleni etmäge synanşar. Emma Ermenistanyň içeri syýasatynda parasatlylygyň üstün çykjakdygyna ynanýarys.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň bilelikde teklip eden sebitleýin Altytaraplaýyn platforma ähli degişli taraplar üçin bähbitli. Ermenistanyň ykdysady galkynyşy goňşulary bilen gatnaşyklaryny ösdürmegine bagly. Türkiýäniň Russiýa federasiýasy bilen bar bolan gatnaşyklary Günorta Kawkazda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine amatly şert döredýär. Şeýle sebäpler Ermenistanyň hökümetini daşary syýasatda aýgytly ädimler ätmäge höweslendiren bolsa gerek…



Degişli Habarlar