Prezident Erdoganyň Bakuwa Guran Sapary

Ýewraziýa Syn

1548713
Prezident Erdoganyň Bakuwa Guran Sapary

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Prezident R.T.Erdoganyň Bakuwa guran sapary barasynda durup geçmek isleýäris.

Prezident R.T.Erdogan Azerbaýjanyň döwlet Baştutany Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda üstümizdäki aýyň 9-10-y aralygynda Bakuwda resmi saparda boldy. 10-njy dekabarda iki ýurduň prezidentleri ilki Şehitler Hyýabanyna bardylar. Soň liderler Garabag ýeňişi mynasybetli geçirilen harby parada gatnaşdylar. Dabarada söz sözlän Prezident Erdogan: “Şu gün ählimiz üçin, türk dünýäsi üçin ýeňiş we buýsanç güni. Şu günleri ýaşadandygy üçin allaga şükür edýärin. Garabag Azerbaýjandyr” diýdi. Bilşiňiz ýaly 8-nji noýabr Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Garabag ýeňişi mynasybetli “Ýeňiş güni” yglan edilipdi.

Prezident Erdogan günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutany Ilham Aliýew tarapyndan Ýaşlyk köşkünde resmi dabara bilen garşylandy. Soň Prezidentler özara duşuşyk geçirdiler. Geçirilen duşuşykdan soň bilelikde metbugat ýygnagy guraldy we iki ýurduň arasynda 3 ylalaşyga gol çekişildi.

Metbugat ýygnagynda iki ýurduň liderleri Kawkazda hyzmatdaşlygy täze tapgyra göterjek 6 taraply “Azerbaýjan, Gruziýa, Ermenistan, Eýran, Russiýa we Türkiýe) hyzmatdaşyga taýardyklaryny beýan etdiler. Iş ýüzüne geçirilen halatynda sebite uly goşant goşjak teklip iňňän möhüm häsýete eýe. Emma Eýranyň käbir resmileriniň Prezident Erdoganyň Ýeňiş paradynda okan “Aras” atly goşgusyna görkezen reaksiýasy we şondan soň başdan geçirilenler resmi Tähranyň sebitleýin meseleler hem-de goňşulary meselesinde nähili ýalňyş pikirli hereket edýändigini görkezýar. Soňky günlerde ermenileriň Ylalaşygyň bozulmagyna sebäp bolup biljek meçew beriji aksiýalar guraýandygy hakynda Garabagdan habarlar gelip gowuşýar. Russiýa bilen Gruziýanyň arasyndaky serhet meselesi dowam edýär. Türki dilli döwletler bolsa ähli kynçylyklara garamazdan sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýär.

Bakuwda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda şahsyýet resminamasy bilen syýahat etmek mümkin bolar. Ol hem ykdysadyýet, syýahatçylyk pudaklarynyň başda durmagynda özara gatnaşyklaryň hasam ösmegine goşant goşar.

2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda Bakuwda iki ýurduň liderleri tarapyndan geçirilen duşuşykda demir ýolunyň we turba geçirijisiniň Türkiýeden Nahiçewana çenli uzaldylmagy hakyndaky ylalaşyklara gol çekişilipdi. Taryhy ýeňişden soň Nahiçewanyň Azerbaýjan bilen guryýerden birikmegine şert döredi. Türkiýe, Azerbaýjanyň üstaşyr gündogar, türk dünýäsi bilen gatnaşyklaryny ösdürýän bolsa, Azerbaýjan Türkiýäniň üstaşyr günbatar, okeanlara çykmaga mümkinçilik tapdy. Iň esasy bolsa gündogar-günbatar gatnawynda ýol gysgalar.

Garabag 5-10 ýylyň dowamynda gaýtadan dikeldiler. Bu meselede iň esasy goldawyň Türkiýeden beriljekdigi liderler tarapyndan beýan edildi. Türk firmalarynyň gurluşykda uly tejribeleri bar.

Azernbaýjanyň Garabagdaky we etraplaryndaky ýerlerini halas etmegi, hakyň owal-ahyr ýeňişe ýetjekdigini ýene-de bir gezek görkezdi. Türkiýe bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk etjek bilelikdäki başlangyçlary Kawkazda parahatçylygyň kepillendirijisi bolar.



Degişli Habarlar