Prezident Erdoganyň Bakuwa guran sapary

Ýewraziýa Syn

1372828
Prezident Erdoganyň Bakuwa guran sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Prezident R.T.Erdoganyň Bakuwa guran saparyna ser salmakçy.

Prezident R.T.Erdogan Türkiýe-Azerbaýjan Ýokary derejeli strategik geňeşiniň 8-nji maslahatyna gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda Bakuwa 1 günlük resmi sapar gurady. Erdogan Bakuwda döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. Soň prezidentler ikiçäk duşuşdylar. Türkiýe-Azerbaýjan Ýokary derejeli strategik geňeşiniň maslahatyndan soň iki ýurduň arasynda 14 şertnama gol çekişildi.

Iki ýurt häzirki wagta çenli TANAP, Baku-Tibilisi-Kars demir ýoly ýaly uly taslamalary iş ýüzüne geçirdiler. Bakuwdaky maslahatda demir ýolunyň we turba geçirisiniň Türkiýeden Nahiçewana çenli uzaldylmagy hakyndaky ylalaşyga gol goýuldy. Ankara-Baku demir ýolunyň açylmagy hem gysga möhletde iş ýüzüne geçiriler. Hazar deňiziniň kenar ýakasynda demir ýolunyň gurulmagyndan soň orta liniýadan gündogar bilen günbataryň arasynda üznüksiz demir ýol gatnawy ýola goýular. Şeýlelikde gündogar we günbatar türkleri birek-birege hasam ýakynlaşar. Türkiýe Azerbaýjanyň üstaşyr gündogara, türk dünýäsi bilen gatnaşyklaryny ösdürýän bolsa, Azerbaýjan Türkiýäniň üstaşyr günbatara, okeaniýa çykmaga şert tapar. Transport we energetika özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan lokomotiw pudaklary.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň söwda gatnaşygynyň mukdary 2019-njy ýylda 4,5 milliard dollara barabar boldy. Liderler 2023-nji ýylda şol mukdaryň 15 milliard dollara ýetirilmegini nazarda tutýarlar. Azerbaýjanda iş alyp barýan türk firmalarynyň sany 4 müňe golaýlady. 15 haryt boýunça iki taraply gümrük ýeňilligini we paçlardan boşatmagy öz içine alýan söwda şertnamasy, wiza düzgüniniň iki taraply bes edilmegi, hyzmatdaşlyk ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy şol maksada ýetmek taýdan goşant goşar.

Hojaly gyrgynçylygynyň edilen güni mynasybetli liderler Bakuwda Garabagyň Azerbaýjana degişlidigini ýene-de bir gezek beýan etdiler. Meseläniň çözülmegi üçin ÝHHG-nyň Minsk toparynyň dargadylmagy we Türkiýe bilen Gazagystanyň degişli bolmagyndaky sebitlerde güýçli pozisiýa eýeleýän ýurtlardan ybarat täze bir toparyň döredilmegi peýdaly bolar.

Howpsyzlyk boýunça bilelikde harby türgenleşikler geçirilýär. Prezidentler 2020-nji ýylda şol türgenleşikleriň sanynyň artdyryljakdygyny, goranyş senagaty pudagynda önümçilikde bilelikde işleşmegiň şertleriniň seljerilýändigini beýan etdiler. Garabagyň yzyna alynmagy we sebitleýin parahatçylyk üçin Türkiýe bilen Azerbaýjanyň howpsyzlyk hem-de goranyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy möhüm ähmiýete eýe.

Gol çekişilen ylalaşyklara laýyklykda iki  ýurduň arasyndaky wizasyz syýahat etmegiň möhleti 90 güne göterildi. Ol ykdysadyýet we  syýahatçylyk pudaklarynyň başda durmagynda özara gatnaşyklaryň hasam ösdürilmegine goşant goşar.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda ýokary derejeli we arkalaşykly gatnaşyklaryň nusgawy häsýetine eýe bolan gatnaşyk bar. Hem ýurtlaryň liderleri hem-de degişli guramadyr edaralar, galyberse-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň halklary birek-birege ilkinjiler bolup jaň edýän, birek-birege ilkinjiler bolup gelýän adamlar bolup durýarlar. Türkiýäniň elektronik döwlet ulgamy boýunça tejribesini Azerbaýjan bilen bölüşýär, Azerbaýjan bolsa daşary ýurtda esasan Türkiýede maýa goýýar. Azerbaýjanda esasan türk firmalary iş alyp barýar. Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda arkalaşyk we hyzmatdaşlyk utgaşyklygynyň beýleki türki dilli döwletleriň arasynda-da ýola goýulmagy möhüm.



Degişli Habarlar