Kütahýa Simaw Halysy

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2154766
Kütahýa Simaw Halysy

Türkiyäniň Egeý sebitinde ýerleşýän Kütahýa welaýatynyň Simaw etrabynda adyny beren “Simaw halysy” etrap häkimliginiň 1996-njy ýylda ýüz tutmagy netijesinde Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan ilkinji önümleriň biridir. Sebitdäki haly dokalýan abzallaryň sanynda we haly önümçiliginde ýyllara görä tapawutlylyklar bolmak bilen birlikde haly dokamaklyk etrabyň merkezinde we töweregindäki obalarda hemişe möhüm pudak bolmak aýratynlygyna eýedi. Simaw halylarynyň atgyjy we seçegi pagtadan, aýlaw sapaklary bolsa ownuk mallaryň ýüňünden alynýar. Ulanylýan ýüň ýüplükler geçmişde ösümlikleriň kökünden alynýan boýaglar bilen boýalan bolsa, häzirki wagtda halynyň ululygyna görä himiki boýaglar bilen boýalýar. Reňkler boýunça bolsa sary, gök we goňur reňkler ileri tutulýar. Simaw halysynda iň köp ulanylýan nagyşlar bolsa ýaprak, gül, guş we katarantus motiwleri bolmak bilen birlikde halylar nohut, şeker, çüňkli, garynly ýaly ýerli atlary göterýär. Agaç haly stanoklarynda 1 ind metrden 85 ind metre çenli tapawutly ululyklarda dokap bolýan Simaw halylarynyň önümçiligi ussatlygy talap edýär we haly önümçiliginiň uly bir bölegi zenanlar tarapyndan amala aşyrylýar. Simaw halylary öýde, gündelik ulanylyş üçin öndürilmek bilen birlikde iş ýerleri, resmi edaralar we metjitler üçin uly ölçeglerde öndürilýär we şol bir wagtda Simaw etrabynyň iň meşhur eksport önümidir.


Etiketkalar: #haly , #Simaw , #Türkiye

Degişli Habarlar