Dost-Doganlygyň Taryhy 03

ÝAŞLYK DRAMASYNY ÝAT EDIP

437368
Dost-Doganlygyň Taryhy 03

Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy,

Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.

Gepleşigimize başlan wagtymyz okan bir oýnam goşgymyz, türkmen okyjylarynyň ýaşyna, ýaşulysyna belli bolan, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, TSSR-iñ Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyñ eýesi, Kerim Gurbannepesowa degişli.

1929-njy ýylda Gökdepäniň Ýylgyn obasynda dünýä inen şahyryň kakasy Gurbannepes aga nusgowy sahyrlaryñ elde göçürilen şygyrlaryny, dessanlaryny we edebi häsýetli dürli nusgalaryny ürç edip okar eken.

Kerimiň kakasynyň çeper esere bolan söýgüsi ony döredijilik äleminiñ bir ýan çetinden alyp barýar. Ol goşgy hem düzer eken, bu ugurda höwesek şahyryñ agyz dolduryp aýdarlyk galdyran nusgasy ýok. Oña seretmezden, şygyr sungatyny söýen, mylaýym gylykly bu adamynyñ şu günki ajaýyp şahyrymyzy — şol wagtky Kerimi terbielemekde, ony edebiýat ýoluna gönükdirmekde degerli hyzmaty bolupdyr.

Kerim şahyr, özüniñ, yşk we söýgi hakdaky goşgularynyñ gözbasyny kakasynyň inisi Şirnepesden, eserlerindäki durmuş ýörelgelerine ýykgyny bolsa kakasynyñ terbiýesinden we göreldesinden hasaplaýar.

K. Gurbannepesow özüne ejesiniñ siñdiren mähri, beren ak süýdi, onuñ urşuñ agyr ýyllarynda atasynyñ ornuny tutuşy, maşgaladaky bäş çaganyñ ulusy bolup galan, emma heniz dabany gatap, beýnisi bekemedik şahyr ogluna howandarlyk edişi, ýol görkezişi, ile goşuşy, türkmen durmuşyny gowy bilmeginde, ýaşlykdan köp kynçylyklary başyndan geçirmegi oñaýly yz goýupdyr.

K. Gurbannepesowyñ ilkinji gosgulary 1939-njy ýylda «Kolhozçy sesi», «Mydam taýýar» gazetlerinde çap edilýär. «Güýjümiñ gözbasy» atly ilkinji ýygyndysy bolsa 1951-nji ýylda dünýä inýär. Ara kän salym salman, «Soldat ýüregi» çapdan çykýar. «Soldat ýüreginiň» yzy bilen tirkeş tutup gelen «Taýmaz baba», «Ata we ogul» ýaly eserleri bolsa Kerim Gurbannepesowy diňe bir Türkmen okyjysyna däl, eýsem bütinsoýuz okyjysyna hem tanadýar.

Şahyryň “Taýmaz baba”, “Ata we ogul” poemalary, ony giň okyjylar köpçüligine tanadan bolsa, ýokarda agzalyp geçilen eserleriň yzysüre gelen we köpçülige ýetirilen «Ýaslyk dramasy» goşgusy şahyryñ iñ ýörgünli eserleriniñ birine öwrüldi.

Şahyr ussatlyk bilen ýazan şahyrana şygrynyň setirlerinde gahrymanlarynyň harasatly uruş ýyllaryna gabat gelen ýaşlyk söýgüsini ýigidiñ hem gyzyñ şol wagtky duýgusyny ýatlaýar. Şahyr munda söýginiñ ajaýyp tebigaty, belentligi, näzikligi şeýle hem onuñ çarkandakly ýollarynda muhapbetiñ we hupbatyñ kändigi hakda aýdýar.

«Ýaslyk dramasyny» şahyr ençeme gezek täzeden işledi, barha kämilleşdirdi. Şygyr okyja hem, diñleýjä hem ilki başdan ýarapdy. Şol hem onuñ üznüksiz kämilleşdirilmegine, köpüñ islegine laýyklaşdyrylmagyna sebäp boldy. Şol sebäpli awtor ony kabinet şertinde däl-de, halkyñ arasynda, iliñ-günüñ «kömegi bilen» syntgylady.

Kerim şahyr diňe bir “Ýaşlyk dramasyny” däl eýsem özüniň ähli şygyrlaryny syntgylan, saldarlan mahaly halk parasadyna, folklora kän ýüzlenendigi, milli öwüşginlikleri içgin özleşdirmegi hem olary okyjysyna baýlaşdyryp ýa täzeläp gaýtaryp bermegi-de öñde bellenilisi ýaly, ýokarky alamatlar bilen ugurdaş çeperçilik hadysalardyr.

“Ýaşlyk dramasynyň” syntgylanayp syntgylanyp, täzeden işlenendigi, üstünde öwran–öwran durlandygyny şahyryň arhiwinde saklanyp galan, emma goşga goşulmadyk bentleri hem şaýatlyk edýär. Şygra goşulmadyk şeýle bentleriň birnäçesini hormatly diňleýjilermize hödürlemegi özümize müwessa bildik.

Ne-hä eşik bardy, ne-de bir çörek,

Ne-de gidenlerden bilerdik derek,

Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek,

Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.

Bir ýyllap degmändi lebiňe lebim,

Diňe gatyşypdy demiňe demim.

Soň bir gün bozuldy beýle edebim,

Meniň Jeýhun wagtym, seniň ýaz wagtyň.

Uruş ýeňiş bilen boldy-da tamam,

Iň ilkinji soldat dolandy aman.

Şoldy ilki posa ilki bahanam,

Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň...

Sagymyz - derýady, çepimiz gaçy,

Toraňňyň saýasy. Awtustyň 3-i.

Birden dolup gitdi gujagmyň içi,

Meniň bürgüt wagtym, seniň gaz wagtyň.

Gijeler adyňy nagş edip şygra,

Gündizler özüňi basardym bagra.

Emma arszuwlarmyz barmady ugra,

Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.

Şahyryň şygyrlarynyň halk tarapyndan şu günki günlerde hem söýülýändigine, hyrydarynyň gün–günden känelýändigine göz ýetirmek isleýän her bir adamyň internede girip gözleg geçirmegi ýeterlikdir. Zamanasynda hem häzirki günlerde hem ýetginjeklerimiz “Ýaşlyk dramasyny” ýat tutýan bolsa, “Gumdan tapylan ýüregini” ýüreklerine ýazýarlar. Geçen döwrüňem, häzirki zamananyň hem ýaşlaryndan sorasaň şahyryň goşgularynyň döwrebaplygyndan size gür bererler. Bir aşgabatlynyň aýdyşy ýaly, “Ömürlik ýazylan zatlardyr” şahyryň şygry. Şygyrlary ömürlik bolandygy üçin hem zamanamyzyň zehinli ýaşlary, Kerim şahyryň “Ýaşlyk dramasyndan” ylham alyp, ýüreklerinde dörän duýgularyny, ýa “Ýaşlyk dramasyna” ýanap ýa–da “Ýaşlyk dramasyna” öýkünip goşgy setirlerine siňdirýärler. Ynha şeýle şygyrlaryň birini siziň dykgatyňyza ýetirmek bilen gepleşigimizi geçirip gutarmak isleýäris.

Gözlerine siňipsiň Kerim şahyryň,

Şygra teşne kenarmydyň Gaňňaly.

Sözlerini süzipsiň Kerim şahyryň,

Yşkdan ýasalan, çynarmydyň Gaňňaly.

Sagyňda derýa bar, soluňda gaçy,

Sülgünden dolupdyr jeňňeliň içi.

Üstüňden döküläýse şahyrlaň göçi,

Kerimsiz oňarmysyň Gaňňaly.

Barsam aşyk bolup goşgy okaýan,

Şygyra teşne, kenarmy sen Gaňňaly.

Ýa aşyklaň derdinden dörän,

Bir beýik çynarmy sen Gaňňaly.


Etiketkalar: #şahyr , #arhiw , #edebi eser , #şygyr , #okyjy

Degişli Habarlar