Din we jemgyýet

Ynanmaklyk dinleriň ilkinji şertlerinden biri

257899
Din we jemgyýet

Ynanmaklyk dinleriň ilkinji şertlerinden biri. Onuň eýe bolan ähmiýeti mynasybetli dinlerde iman düşünjesi barasynda durup geçmek isleýäris.
Hem din hem-de pelsepe alla, älem, adamyň ruhy we olaryň özara gatnaşyklary bilen ölümden soňky durmuş bilen baglanşykly meseleler barasynda bir pikir beýan edýärler. Allanyň barlygy, özboluşlyklary, ýaratmagy, dünýäniň adam bilen bolan gatnaşygy, adamyň azatlygy we borçlary, dünýä we ahyret ýaly käbir başlangyç meseleler metafiziki seljermäniň esasy ugurlaryny emele getirýär. Yslam metafizikasy ähli zatdan ozal yslamyň barlyk pelsepesi we şol pelsepäniň özeni barasyndaky faktorlary beýan edýär. Yslam metafizikasy ýa-da yslam dünýä garaýşy bütin älemi we durmuşy gurşap alýan ahyrky hakykat barasynda üýtgewsiz waktorlara ünsi çekýär. Olar taňry, wahýi, ýaratmaklyk, din we maglumat ýaly düşünjeleri özünde jemleýän başlangyç mowzuklar.
Ilki bilen her bir diniň merkezinde şol diniň tanry düşünjesiniň durýandygyny nygtap geçmek ýerlikli bolar. Bu şol dini başga dinlerden we düşünje ulgamynda tapawutlandyrýan esasy faktordyr. Şeýlelikde yslam dinini hem beýleki dinlerden tapawutlandyrýan onuň taňry düşünjesi bolup, ol yslam metafizikasynyň ähli faktorlarynyň gözbaşydyr.
Gepleşigimiziň geçen sanlarynda-da nygtap geçişimiz ýaly alla ynanmak irki dinlerde we beýleki ynanç ulgamlarynyň tas ählisinde bar. Iman, adamyň tebigy özboluşlyklaryndan biri. Adam daş-töweregindäki barlyklar barasynda iki pikire eýedir. Şol pikiri adam däl, eýsem daşyndaky barlygyň gurluşy kesgitleýär. Eger barlyk bäş sany duýuş organynyň çäginde bolsa şol barasyndaky pikirimize maglumata, bäş sany duýuş organymyzyň çäginden daşda bolsa ynanja esaslanar. Şol iki pikiriň gözbaşy adamlaryň durmuşlaryna doly täsir ýetirer. Maglumatyň mowzuklary konkret we ähliumumy bolandygy üçin adamlaryň arasynda ikirjiňsiz kabul edilýär. Emma imanyň mowzuklary maglumatyňky ýaly konkret we ähliumumy däldigi üçin jemgyýetler tapawutlanýar. Muňa garamazdan iman adamyň durmuşyny, pikirlerini we özüni alyp baryşyny gönükdirýär.
Iman adalgasynyň kesgitlemeleri käbir messep alymlarynyň pikirine görä biri-birinden tapawutly hem bolsa, dilden ykrar etmek, diňe ýürek bilen tassyklamak we dilden ykrar edip ýürekden tassyklamaklygyň ýanynda diniň talaplaryny amal etmek ýaly üç görnüşli düşündirmäge gönükýändigi görülýär. Şol kesgitlemelere seredilende iman üçin üç zat bardyr. Olar; dilden ykrar etmek, ýürek bilen tassyklamak we borçlar bilen amal etmek ýagny ykrar, tassyklamak we amal etmek. Yslam iman bilen maglumatyň arasynda parallel arabaglanşygyň bardygyny we olaryň biri-birini goldaýandygyny beýan edýär. Iman bilen akyl asla gapma garşy däldir. İmanyň amaly adamyň ygtyýaryna baglydyr.
Iman, umuman alanymyzda adama mahsus özboluşlyk. Sebäbi iman bilen baglanşykly teklipler adamyň ünssiz galmagy mümkin bolmadyk häsýete eýedir. Adama mahsus özboluşlyk bolmak bilen birlikde iman, dolulygyna adamyň dünýäsi bilen baglanşykly. Şeýlelikde imany hristian teologlar hem “zehiniň kabul edilmegi, kalbyň ynamy we ygtyýaryň boýun egmegi” hökmünde häsýetlendirýärler. Ol hem onuň adamy ähli taraplaýyn gurşap alýan adalgadygyny görkezýän kegitleme. İmany adamyň iň ýokary gyzyklanmasy hökmünde häsýetlendirýän käbir alymlar, onuň şol bir wagtda-da şahsy durmuşyň merkezinde bolup, durmuşyň ähli taraplaryna ornaşýar. Iman şahsy durmuşyň ruhy, bedeni, aň-düşünje taraplaryny birleşdirýär. Adam nähili şol faktorlaryň biri-birinden aýrylmasyz taraplaryny emele getirýän bolsa adamyň özenine ornaşan imanyň hem olar bilen arabaglanşygy we olara täsiri bardyr. Şeýlelikde iman ne dine bir aň-düşünjäniň önümi hökmünde ýaradyp biler ne-de ygtyýaryň tagallasy ne-de duýguly hereketlerin netijesi hökmünde görlüp bilner. Iman özüne bularyň ählisini birleşdirýän fenomendir.

Nygtaýşymyz ýaly adamyň ýaradylyşynda allaga ynanmak we ybabat etmek özboluşlygy bar. Adam maddadan we ruhdan emele gelýän jandar. Adamyň görünýän bedeni, onuň maddy tarapyny, görünmeýän tarapy hem ruhy tarapyny emele getirýär. Mazmunyny we hakykatyny bilmeýän ruhumyz bedenimiz bilen birleşende durmuş emele gelýär. Diýmek, adamy janly saklaýan, adama adamkärçilik özboluşlygyny berýän ruhdyr. Ony besleýän bolsa imandyr.
Iman adamlar taýdan möhüm bolşy ýaly jemgyýet taýdan-da möhümdir. Allaga inanýan adamlardan emele gelýän jemgyýetler eşretlidir. Çünki allaga ynanýan adam şol bir wagtda ahyrete-de ynanýandygy üçin durmuşyny şoňa laýyklykda ugrukdyrýar. Adamlar bilen gowy düşünişer, elmydama ýagşylyk eder, erbetlik etmez. Onuň elinden we dilinden hiç kime ýamanlyk gelmez. Söýer we söýüler. Ýetimi we ýoksuly gorar, hemaýat berer. Şeýlelikde ynananlardan emele gelýän jemgyýetlerde agzybirlik, jebislik, arkalaşyk we asudalyk bardyr. Eger şu günki köp sanly musulman jemgyýetlerinde ýaramazlyklar, dartgynlyklar we azap bar bolsa, olar allaga imanlarynyň doly bolmanlygy sebäplidir.
Netijede ýaradylyş maksadyny bilýän we ýaradylyş maksadyna laýyklykda ýaşaýan adam bagtly durmuşda ýaşar. Beýik ýaradyjyny bilmek, oňa ybadat etmek, oňa ynanmak, sygynmak, adama tarypsyz bagtlylyk berýär. Beýik allaga ybadat etmek bolsa borçlaryň iň beýigi, iň möhümi we iň hökmanysy. Şol möhüm borjy berjaý etmegiň berýän duýgusy bagtlylygyň hem şol derejede boljakdygyna şek-şübhe ýok. Çünki işine jür bolar, hiç kime boýun egmez we işlerini höwes bilen ýerine ýetirer. Adamyň abraýyna zyýan beriji çemeleşmelerden çetde durar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar