Din we jemgyýet 06

Diniň jemgyýetdäki dini funksiýalary

249853
Din we jemgyýet 06

Diniň, jemgyýetdäki dini funksiýalary bilen birlikde tamamlaýjy jemgyýetçilik funksiýalarynyň hem bardygyny bilmek ýerlikli bolar. Şol çäkde onuň şahsy we jemgyýetçilik özboluşlyklaryň emele gelmegindäki tamamlaýjy funksiýalarynyň ähmiýeti möhümdir.
Sosial durmuşyň esasy strukturalaryndan biri bolan din, esasanda adaty jemgyýetlerde ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda, ugrukdyryjy häsýetinden zyýada kesgitleýji özboluşlygy bilen ünsi çekýär. Adaty jemgyýetlerde diniň durmuşyň ähli ugurlaryna eriş-argaç aralaşandygyny aýdyp bileris. Şol jemgyýetlerde din; şahsy, toparlaýyn we jemgyýetçilik ahlagyň esasy kesgitleýjisidir. Şol sanda adaty jemgyýetlerde syýasy guramalar diňe dini legallyga esaslanan halatynda ykrar edilýär. Edil şonuň ýaly-da ähli ykdysady guramalaşmalarda we çärelerde-de diniň kesgitleýji funksiýasy bardyr.

Döwrebaplaşma bilen birlikde güýçlenýän pozisiýa eýe bolan “ylym”, pozitiwist we modernist teoretikler tarapyndan diniň garşysyna ornaşdyrylýar. Hatda ylym, ösüşe, rasionalizme we tehnologiýa bolan ynam diniň esasy funksiýasyny eýelemäge synanşýar. Şol sekulýarlaşma tapgyry bilen birlikde din, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda özboluşlygyny dowam etdirýär. Dine edilmäge synanşylýan dürli basyşlara seretmezden 20-nji asyryň ikinji ýarymynda özüni görkezmäge başlan etap bilen birlikde şu günki günde ýetilen sepgitde diniligiň artýandygy görülmäge başlandy. Döwrebap jemgyýet inženerleriniň ünsüni has ýakyndan çekmäge başlady.

Din, ilki bilen şahslara, şahslar arkaly bolsa bar bolan jemgyýetçilik faktorlara we guramalara şeýle bir täsir ýetirer welin, şol maksat bilen din medeniýetiň özünden aýrylmasy mümkin bolmadyk faktora öwrülýär. Belkem ol, adamlara hödürleýän dünýä garaýşy we ähliumumy ýüzlenmeleri arkaly şahslara täsir ýetirip bilmeklik ukyby arkaly ähli medeni giňişlikde höküm sürer. Din şahslara, şeýlelikde adamyň öz ýaşaýan jemgyýetçilik we medeni ulgamlaryna şeýle bir täsirini ýetirýär welin, diňe dünýewi çemeleşmelerinden hem bir adamyň dindar bolup bolmandygyna, hat-da haýsy dine uýýandygyna göz ýetirmek bolar.
Döwrebap jemgyýetlerdäki ösüş bilen jemgyýetleriň medeni derejesi ýokarladygy saýyn medeni giňişlikleriň öz aralaryndaky baglanşyk hem gowşaýar we adamlar biri-birlerinden daşlaşmaga başlaýar. Şeýle halatlarda düşünjeli jemgyýetler medeni faktorlarynda hünämenleşmäni ýola goýmaga ünsli bolmaga başlarlar. Din, şahslara täsir ýetirmeklik we olary häkimiýeti astyna alma güýjüni ýitirmedigi saýyn medeni merkez pozisiýasyny gorap saklmaga dowam eder. Sebäbi medeniýetiň ähli ugurlary netijede adamlar tarapyndan emele getirilýär we dowam etdirilýär. Şahs, beýleki medeni ugurlaryna şahsylygynyň bir bölegi bilen degişli bolýarka, haýsydyr bir dine ynanmak bilen oňa dolulygyna tabyn bolýar. İne şol tarapy bilen din adamlary şahsyýetiniň bölünme howpundan goraýar.
Esasy din, jemgyýet we jemgyýetiň ähli möhüm gurluşlaryny emele getirýän, ösdürýän iň gadymy we düýpli guramadyr. Şol jähtden dinleriň sosial tarapyny, funksiýasyny, täsirlerini, maksatdyr niýetlerini görmediksiräp, diňe wyjdanlarda galmagyny pikir etmek diýsen ýalňyş pikirdir. Ol ylmy taýdan hem şeýle bolşyýaly, pikir we mantyk taýdan-da şeýledir. Dinler taryhy we sosiologiýa ýaly dürli ylymlaryň kesgitleýşi ýaly, diniň sosial täsirleriniň ululygy we çuňlugy, wyjdanlara ornaşyşy ýaly ylmy hem-de taryhy taýdan subut edilendir. Hat-da sosiolog Durkhem maşgala, ykdysat, sungat, ylym, hukuk ýaly sosial ulgamlaryň dinden dörändigine ynanýar. Eger şeýle bolsa dini wyjdanlar bilen çäklendirmek pikiri sosiologik taýdan ýerlikli çemeleşme däl.
Eýe bolan ähmiýeti sebäpli diniň sosial maksatlarynyň nämelerdigini ine şeýle beýan etmek mümkin:
1. Dinin esasy maskatlaryndan biriniň jemgyýetde bitewilik emele getirmeklikdigini kabul etmek ýerlikli bolsa gerek.
2. Diniň jemgyýetin agzalaryna we bütin jemgyýete bir idea, bir pikir berýändigi göz öňünde tutulanda jemgyýeti we onuň agzalaryny ugursyzlykdan, pikirsizlikden, imansyzlykdan halas edýändigi ýüze çykar. Şeýlelikde maksatsyzlyk, bigänelik ortadan aýrylýar, ýa-da olar üçin şert tapylmaz.
3. diniň sosial maksatlaryndan biri hem jemgyýetdäki sosial tapawutlaşmany ortadan aýyrmaklyk. Bu taýda sosial tapawutlaşmakdaky maskat gysgaça jemgyýetdäki dürli gatlaklaryň arasyndaky maddy tapawutlyklaryň ulalmagy, ruhy arabaglanşyklaryň ýok bolmagy we netijede şol gatlaklaryň biri-birlerine duşman gözi bilen garamaga başlamagydyr. Jemgyýetlerde baý-garyp, işçi-hojaýyn we şäherli-obaly arasyndaky gatnaşyklar muňa mysal görkezilip bilner. Esasanda bular soňky we iň kämil bolan dinimizde iň täsirli we iň kämil ýagdaýda beýan edlýär. Bu barasynda gepleşiklerimiziň geljekki sanlarynda giňişleýin durup geçeris.
4. Din, ynanýanlara bir tarapdan pikirlenme ukyby gazandyrýan bolsa beýleki tarapdan-da olarda belli bir dini tolgunma emele getirýär. Adamlar şol dini tolgunma bilen pikir durmuşynyň basyşyndan halas bolup, wagtal-wagtal ruhy taýdan dynç almaga mümkinçilik tapýarlar: Şol tolgunma olardaky hyýallary we tasawwurlary kämilleşdirer, ygtyýary güýçlendirer.
5. diniň sosial maskatlaryndan biri hem adamlarda ahlaky çemeleşmäni ornaşdyrmagy. Din jemgyýete maddy we ruhy saplanmanyň ýollaryny görkezip, sagdyn, çydamly, gaýduwsyz we töwekkel ömür sürmegi öwredýär. Adamlaryň içinde egoistlik we bähbit şeýtanyny çykaryp, olaryň içini mukaddes duýgular we pikirler bilen bezemäge mümkinçilik hödürlär.
Adama ýaşaýan jemgýetiniň medeniýetini, gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynançlaryny özleşdirýäni jemgyýetiň agzasy hökmünde borçlaryny bilýän, ýaşaýan jemgyýetine buýsanýan, jegyýetini ösdürmek üçin tagalla edýän, adamlar bilen gowy gatnaşyk açyp bilýän, jemgyýetiň beýleki agzalaryň maşgalalarynyň we özüniň islegleri üçin işleýän, özi we daş-töweregi bilen barlyşykly ylalaşyjy adamlary ösdürip ýetişdirmeklik.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar