Din we jemgyýet 03

Din duýgusy, adamyň tebigatynda ozaldan bäri bar bolan duýgulardan biri.

218139
      Din we jemgyýet 03

Din duýgusy, adamyň tebigatynda ozaldan bäri bar bolan duýgulardan biri. Şol jähtden garalanda din we ynanmak adamyň adamkärçilik özboluşlyklaryndan biri. Ony adamyň durmuşyndan çykarmak mümkin däl. Ozal hem belläp geçişimiz ýaly dinler taryhy boýunça geçirilen baglarlar her bir jemgyýetiň öz dininiň bardygyny ýüze çykardy. Taryhyň belli döwürlerinde diniň gereksizdigi, adamlaryň onsuz hem ýaşap biljekdiklerini öňe süren we diniň ýerine ylymy goýmak isleýän başlangyçlar edildi. Emma olar netije bermedi. Şu günki günde dünýäniň ilatynyň esasy böleginiň bir dine eýe bolmagy hem ony aç-açan görkezýär.
Adamzat taryhy ýaly gadymy bolan ýeke hudaýly dinler, ylahy wahýi arkaly gelendigine ynanylýan, adamy bagtly etmegi nazarda tutýan sosial gurama. Din, maksadyna ýetmek üçin adamlar bilen adam, adam bilen dünýä we adam bilen taňrynyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan ýörelgeleri goýýar. Şeýlelikde adamyň hem material hem-de ruhy taýdan isleglerini kanagatlandyrmagy nazarda tutýar: Hatda, şol jähtden dinler taryhçylarynyň pikiriçe jemgyýetçilik ulgamynyň döredilmegi we şahsy ahlagyň ýokarlandyrylmagy taýdan ylahy wahýä esaslanmaýan dinleriň hem möhüm ýörelgeleri bar.
Din, adamyň durmuşyny manylandyrmak, ugrukdyrmak we adamalara adama gelişýän durmuşda ýaşamagyna goşant goşmagy taýdan iňňän möhüm. Esasanda ýeke hudaýly dinleriň ynanç meselesindäki ünsliligi, adamy adaty bolmadyk barlyklardan ýa-da özi bilen deň derejeli barlyklara gul bolmakdan halas edip, azat şahsyýet gazandyrýar. Mala-mülke çokunýan ýaly tabyn bolmagy gadagan edip, adamyň buýsanjyna hemaýat edipdir. Sebäbi din, adamyň durmuşyna çuňňur täsir ýetirýär we onuň durmuşyny ugrukdyrar. Adamyň ýaradylyş maksadyna ýetmegine, onuň öz-özi bilen, jemgyýet bilen we ýaradany bilen barlyşykly ýaşamagyna itergi berer. Tebigy ukyplaryny kämilleşdirmegine, aňyndan we erkin ygtyýaryndan peýdalanyp, göreldeli adam bolmagy we peýdaly işler etmegine goşant goşar.
Din, adamy dünýä taýdan kämilleşmäge, özüni alyp baryşynda deňagramlyga ýöneldýär. Esasanda ylahy dinleriň ýagşy we peýdaly işleri höweslendirmek, erbet we ýaramaz işlerden adamy çetleşdirme tagallasy, diniň maksadynyň adamyň ahlagyny kämilleşdirmekdigini görkezýär. Şol jähtden din adamyň adamdygyna göz ýetirmegini üpjün etmegi maksat edinýär. Adamkärçiligiň talap edýän jogapkärçiligine eýe bolan, ýaradylyşyna bap gelýän ähliumumy gymmatlyklara eýe, aňyny we beýleki ukyplaryny ýerlikli peýdalanýan, durmuşa doly düşünip ýaşaýan nusgawy adam bolmagyna goşant goşýar. Şeýlelikde hem şahs hem-de jemgyýet hökmünde bagtly, ygrarly, utgaşykly we asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bulary dinleriň başlangyç ýörelgelerinde aç-açan görüp bileris. Adamyň bagtly bolmagy üçin ruhy, fiziki we sosial islegleri kanagatlandyrylmagy. İne şol jähtden diniň adamyň durmuşynda möhüm ýeri bar.
Din şol bir wagtda-da adamyň beýleki adamlar bilen gatnaşyklary boýunça ýol görkezijidir. Adamyň öz islegine laýyklykda, bähbide seretmezden, içginlik bilen we peýdaly işleri etmegine itergi berer. Ahlakly çemeleşmegä gönükdirer. Maşgalamyz we beýleki adamlar bilen bolan gatnaşyklarymyzda bize ýol görkezýän din, şol gatnaşyklaryň doganlyk, söýgi, sarpa goýmaklyk, pespällik esasyna görä edilmelidigini ündeýär.
Adamyň beýleki adamlar bilen gatnaşyklarynyň kadaly bolmagy üçin, ýagşylyk, dogrulyk, arkalaşyk, töwellaçylyk etmek, adalatly bolmak, pespällik, geçirimlilik, sabyr, sözünde durmak, adamlara gowy çemeleşmek we gowy söz sözlemek ýaly hereketlere gönükdirer.
Adamlaryň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirýän; husytlyk, töhmet, edilen ýagşylygy diliňe çolamak, görübilmezçilik, ýalan, gybat, adam öldürmek, zyna, humar, içgi, parahorlyk ýaly hereketlerden çetde durmagy buýurýar.

Din, adamyň şahsy durmuşyny ugrukdyryşy ýaly jemgyýetiň ösüşine, sagdyn jemgyýet bolmagyna goşant goşar. Şeýle-de adamlary bir-birine jebisleşdirýän esasy faktorlaryň başynda-da diniň agzalýandygy ýatdan çykarylmaly däl. Gysgaça bilelikde ýaşaýan adamlaryň emele getiren umumy gymmatlyklar we olaryň birleşmegi netijesinde emele gelen, umumy duýgydyr düşünjeleriň dine esaslanýandygy ünsden düşürilmeli dä. Dinler taryhyň her bir tapgyrynda sosial durmuş ulgamyny diňe bir dünýewi däl jezalar arkaly üpjün etmäge synanşmandyr, tersine käbir jezalary göz öňünde tutupdyr. Başlangyçda pozitiw hukuk düzgünleri hem bularyň umumy özboluşlyklary adamlaryň hereketlerini belli bir düzgüne tabynlaşdyrmagy maksat edinýär. İne şonuň üçin hem käbir buýruklar we gadagançylyklar goýlupdyr.
Din, ilki ýeke-ýekeden adamlara täsir ýetirýän hem bolsa, zerury taýdan olaryň derejesine beýgelip, adamlaryň arasynda jebisleşdiriji häsýetine eýe bolýar. Sebäbi jemgyýet şahslardan emele gelýär. Sagdyn pikirler adamlar bolmasa, sagdyn pikirli jemgyýet hem bolmaz. Dinleriň, esasanda yslam dininiň adamlaryň şahsy we jemgyýetçilik hukuklaryň kepillendirilmegine, medeniýetleriň döredilmegine we ösmegine goşan goşandy ünsden düşürlip bilinmez. Musulmanlaryň bir-birleri bilen ylalaşykly ýaşamagy, pespällik, hormat-sylag, sadalyk, arkalaşyk, göreldelilik we haýyr söýerlik diniň aýratyn ähmiýet berýän esaslarydyr.
Din, durmuşda gabat gelip biljek köp sanly meseleler bilen bagly, adamlary gyzyklandyrýan dürli hususlar we meseleler boýunça käbir çemeleşmeleri özünde jemleýär. Bregeriň pikiriçe jemgyýetiň esasy faktorlaryndan biri bolan din, jemgyýetçilik durmuşynda çemeleşmeleriň kesgitlenmeginde merkezi pozisiýa eýeleýär. Şol jähtden din adamyň dünýewi pikirlerinde strategik ähmiýete eýe.

Din, adamy aň-düşünjesinden peýdalanmaga, pikirlenmäge gönükdirýär. Şol pikirleriň esaslaryna ylahy kitaplarda gabat gelmek mümkin. Esasanda gurhanyň nygtap geçýän ugurlaryndan biri aň-düşünjeden giňden we ýerlikli peýdalanmaklykdyr. Akylyň esasy görkezijisi pikirlenmekdir. Dogry pikirlenýän adam dogry maglumatlara eýe bolar we dogry çemeleşer. Maglumaty akyl bilen ylahy wahýiden alan adam jemgyýetde görelde alynýan adamdyr. Ähli zatdan ozal özi we daş-töweregi bilen barlyşykly bolar. Ne başgasyna zyýan berer, ne-de başgasynyň özüne zyýan bermegine ýol berer. Allanyň özüne nygmat hökmünde hödürlän dogasyndan ýerlikli peýdalanar.
Jemgyýeti gurmaga şahslardan başlaýan diniň öwrenmeklige berýän ähmiýeti hemmelere mälim. Hezreti Adam, dünýä durmuşyna goş-golamy öwrenmek bilen başlaýar. Soňky ylahy kitap bolan gurhanyň gelen ilkinji aýatynda nygtalýan “oka” buýrugydyr.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar