Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň Rafah şäherine guran hüjüminde ençeme adam ýogaldy

Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň Rafah şäherinde öz ýaşaýan ýerlerinden göçen palestinalylaryň galýan çadyrlara guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 40 adam ýogaldy

2144490
Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň Rafah şäherine guran hüjüminde ençeme adam ýogaldy

Palestinanyň WAFA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby uçarlary Rafah şäheriniň demirgazyk-günbatarynda UNRWA ammarlarynyň ýerleşýän sebitiň golaýynda ýaşaýan palestinalylaryň çadyrlaryny bombalady. 

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 40 palestinaly ýogaldy. 

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen beýanatda, saglygy goraýyş işgärleriniň aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan köp sanda palestinalynyň jynazalaryny we ýaralanan adamlary hassahana alyp gidendikleri habar berildi. 

Şaýatlar Ysraýylyň harby uçarlarynyň çadyr düşelgä azyndan 8 raketa bilen hüjüm gurandygyny mälim etdiler. 


Etiketkalar: #Rafah , #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar