Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Gazada ýogalanlaryň sany 37 müň 658, ýaralananlaryň sany hem 86 müň 237 adama ýetdi

2155890
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 32 adam artyp 37 müň 658 adama ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 263 günden bäri guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada 3 gyrgynçylyk edendigi, ady agzalýan hüjümlerde ýene-de 32 palestinalynyň ýogalandygy, 139 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 37 müň 658, ýaralananlaryň sanynyň hem 86 müň 237 adama ýetendigi ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar