ABŞ, Siriýadaky Harby Merkezlerine Goşmaça Esger Ugratdy

40 ulaglyk kerwen, Haseke welaýatynyň Kasrek obasyndaky harby merkeze bardy.

2155898
ABŞ, Siriýadaky Harby Merkezlerine Goşmaça Esger Ugratdy

ABŞ-nyň harby goşuny, Siriýanyň Haseke welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň basyp alyşlygy astyndaky sebitlerdäki harby merkezlerine goşmaça esger ugratdy.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ABŞ-nyň harby goşunyna degişli 40 ulaglyk kerwen düýn gije Yrak-Siriýa serhedindäki Al Welid gümrük geçelgesinden Haseke welaýatyna girdi.

Amerikan esgerlerini alyp giden Bradley kysymly sowutly ulaglar bilen birlikde 40 ulaglyk kerwen, Haseke welaýatynyň Kasrek obasyndaky harby merkeze bardy.

Ulag kerweninde ýangyç tankerleri bilen lukmançylyk enjamlary hem bar.

ABŞ-nyň harby goşuny 24-nji aprelde hem Haseke welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň basyp alyşlygy astyndaky sebitlerdäki harby merkezlerine 40 ulaglyk goşmaça esger we harby enjam ugradypdy.

 

 


Etiketkalar: #goşmaça , #esger , #ABŞ , #kerwen

Degişli Habarlar