Putin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Putin 10-njy Primakow okaýyşlary boýunça halkara foruma gatnaşyjylara ýüzlenme ugratdy

2155820
Putin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukraina hödürlän ot açmazlyk bilen bagly teklibiň 2022-nji ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklary duruzyp biljekdigini, emma Günbataryň şol teklibe rasional çemeleşmeýändigini beýan etdi. 

Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin 10-njy Primakow okaýyşlary boýunça halkara foruma gatnaşyjylara ýüzlenme ugratdy. 

Wladimir Putin ýüzlenmesinde 14-nji iýunda "Ukrainanyň birikmelerini Donetsk, Lugansk, Herson we Zaparožýe sebitlerinden çeken halatynda we NATO-nyň düzümine goşulmak isleginden ýüz öwüren ýagdaýynda, bu ýurt bilen gepleşikler geçirmäge başlap biljekdigi" barada teklip hödürländigini ýatlatdy. 

Putin bu teklibiň çaknyşyklary duruzyp biljekdigini, emma Günbataryň bu teklibe rasional çemeleşmeýändigini belläp: "Teklibimiziň esasyny görmek islemeýän Günbatarly syýasatçylaryň tersine, foruma gatnaşyjylaryň bu meselä rasional bir ýagdaýda çemeleşjekdigine, bu teklibiň hakykatdan hem çaknyşyklary duruzmagyny göz öňünde tutýandygy we meseläniň syýasy diplomatik ýollar arkaly çözgüt tapgyryna geçmegini görüp biljekdiklerini umyt edýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar