Meksikada 10 adamyň jesedi tapyldy

Meksikanyň Guerrero welaýatynda ýarag bilen öldürilendikleri anyklanan 10 adamyň jesedi tapyldy

2142620
Meksikada 10 adamyň jesedi tapyldy

Welaýatyň Döwlet howpsuzlyk sekretarlygyndan berilen beýanatda, Akapulko şäherindäki Emliano Zapata etrapçasynda köp sanda adamyň jesediniň bardygy habar berildi. 

Beýanatda wakanyň guramaçylykly jenaýat toparlarynyň özara düşünişmezçiliklerinden gözbaş alýandygy, jesetleriň köçeleriň gyralaryna zyňylandygy mälim edildi. 

Howpsuzlyk güýçleri jenaýatçylaryň tapylmagy üçin operasiýa başlatdy. 

Ýuwaş okeanyna kenary bolan Akapulko şäheri neşe gaçakçylygy taýdan geçiş nokat hökmünde kabul edilýär. 

Howpsuzlyk güýçleriniň habar bermegine görä Guerrero welaýatynda 2023-nji ýylda jenaýatçylykly wakalar sebäpli 1890 adam ýogaldy. 


Etiketkalar: #jeset , #Meksika

Degişli Habarlar