Russiýanyň prezidenti Demirgazyk Koreýa sapar gurar

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin, 18-19-njy iýun aralygynda Demirgazyk Koreýa sapar gurar

2153718
Russiýanyň prezidenti Demirgazyk Koreýa sapar gurar

Kreml tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putiniň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň çakylygyna laýyklykda 18-19-njy iýun aralygynda bu ýurtda saparda boljakdygy habar berildi. 

Beýanatda rus lideri 19-29-njy iýun aralygynda bolsa Wýetnama sapar gurajakdygy mälim edildi. 

Putin Demirgazyk Koreýa soňky gezek bolsa 2000-njy ýylda sapar gurapdy. 



Degişli Habarlar