Hytaýa we Filippinlere degişli iki gämi çakyşdy

Filippinlere degişli ýangyç gämisi bilen Hytaýa degişli gämi Günorta Hytaý deňizindäki iki ýurduň arasyndaky jedelleşikli sebitde çakyşdy

2153677
Hytaýa we Filippinlere degişli iki gämi çakyşdy

Hytaýyň Kenarýaka howpsuzlygyndan berilen beýanatda, Filippinlere degişli ýangyç gämisiniň Ikinji Tomas zolagynyň golaýyndaky suw giňişligine "bikanun ýagdaýda girendigi", Hytaýyň gämilerine howply ýagdaýda golaýlap "çakyşmaga sebäp bolandygy" mälim edildi. 

Filippinlere degişli gäminiň "Hytaý tarapynyň duýduryşlaryna gulak asmandygy" bellenen beýanatda, hadysadan soň taraplaryň hiç hili zeper ýa-da ýaralanma bolup-bolmandygy bilen bagly maglumat berilmedi. 


Etiketkalar: #gämi , #Filippinler , #Hytaý

Degişli Habarlar