Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde ýene-de 10 adam ýogaldy

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 37 müň 347 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 85 müň 372 adama ýetdi

2153681
Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde ýene-de 10 adam ýogaldy

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 255 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 2 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 10 palestinalynyň ýogalandygy, 72 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 37 müň 347 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 85 müň 372 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar