Ukraina şu ýylyň içinde täze garşylyklaýyn hüjüme taýýarlyk görýär

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Aleksandr Pawlýuk, şu ýylyň içinde Russiýa garşy täze garşylyklaýyn hüjüme taýarlyk görýändiklerini habar berdi

2112563
Ukraina şu ýylyň içinde täze garşylyklaýyn hüjüme taýýarlyk görýär

Serkerdäniň beren beýannamasyna görä goşunyň 2024-nji ýylyň içinde esasy maksady, frontdaky ýagdaýy düzeltmek we birikmeleri garşylyklaýyn hüjüme taýarlamak. 

Aleksandr Pawlýuk häzirki wagtda frontdaky ýagdaýyň kyndygyny, emma gözegçilik edip boljak derejededigini beýan etdi.

Russiýanyň 17-nji martda geçiriljek Prezident saýlawyndan ozal mümkin boldugy saýyn uly territoriýany ele salmagy maksat edinýändigini aýdan Aleksandr Pawlýuk, ähli rus güýçleriniň şol sebäpli hüjüme gönügendigini habar berdi. 

Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Aleksandr Pawlýukyň beýanaty frontda lapykeçligiň başlamagyndan soň berildi.

Ukrainanyň harby güýçleri fewral aýynda Awdeýewka bilen birlikde Donetsk sebitindäki birnäçe ýaşaýyş ýerinden ok-däri ýetmezçiligi sebäpli çekilmäge mejbur galypdy.

Ukrainanyň metbugatyna görä Awdeýewkanyň ruslara berilmeginiň esasy sebäbi ABŞ-dan we ÝB-den beriljek kömekleriň gijä galmagy.

ABŞ-nyň Kongresi Ukraina 60 milliard dollar maliýe kömegini öz içine alýan kanun taslamasyny tassyklamady we şol bolmadan Pentagon Ukrainanyň goşunyna kömek berip bilenok. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar