Putin Ukrainadaky Operasiýalaryň Giç Başlandygyny Aýtdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurdunyň Ukrainadaky operasiýalaryny başlatmakda giç galandygyny aýtdy.

2102636
Putin Ukrainadaky Operasiýalaryň Giç Başlandygyny Aýtdy

Wladimir Putin Russiýanyň döwlet teleýaýlymy “Rossiýa-1-iň” habarçysyna beren interwýusynda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bari dowam edýän Ukraina söweşi we “Fox Nýus” ýaýlymynyn ozalky alyp baryjylaryndan Tuker Karlsona geçen hepde beren interwýusy hakynda beýannama berdi.

Ukrainanyň NATO agza bolma ähtimallygyna alada bildirýändiklerini beýan eden Putin; “Sebäbi bizin howpsuzlygymyza wehim salar. NATO-nuň gündogara giňelmezligi boýunça yzgiderli häsýetde aldadylýarys. Bäş giňelme etdiler, sözüň doly manysynda aldatma” diýdi.

Russiýanyň Ukraina meselesinde ilki parahatçylykly başlangyçlar edendigini, emma Minsk ylalaşyklarynyň iş ýüzüne geçirilmegi meselesinde-de aldadylandygyny nygtan Putin; “Puşman bolan ýekeje meselämiz, garşydaşlarymyzyň gowy adamlardygyny pikir edip, operasiýalarymyzy has ir başlatmandygymyz” diýdi.

Putin Russiýanyň Ukrainadaky ýörite harby operasiýa Donbassda bolan wakalar sebäpli başladandygyny beýan edip; “Häzirki ukrainaly resmileriň Minsk ylalaşyklaryny iş ýüzüne geçirmegi kabul etmezligi esasy sebäpdi” diýdi.

Amerikaly žurnalist Karlsonyň geçen hepde ýaýlyma berilen interwýuda artykmaç geçirimli çemeleşendigi hakyndaky garaýyşlar barada-da durup geçen Putin; “Karlsonyň howpludygyny pikir edemok. Agressiw çemeleşmegine we agyr soraglar soramagyna garaşdym. Oňa garaşdym, sebäbi meniň hem agyr jogaplar bermäge mümkinçiligim bolardy” diýdi.

Putin Karlsonyň tapawutly usuly saýlap alandygyny beýan edip; “Birnäçe gezek sözümi bölmäge synanşdy, emma ýene-de günbatarly žurnalistlere görä geň galdyryjy derejede sabyrlydy” diýdi.

Wladimir Putin ABŞ-da prezidentlige Baýdeniňmi ýa-da Trampyň saýlanmagyny isleýändigi hakynda soraga; “Jo Baýden. Has tejribeli we durnukly syýasatçy. Emma ABŞ-nyň halky haýsy lideri saýlasa, şonuň bilen işläris” diýip jogap berdi.

 



Degişli Habarlar