Palestinaly Toparlar Ysraýylyň Harby Goşunyna Degişli 21 Ulagy Nyşana Aldy
Palestinaly toparlar düýn Ysraýylyň harby goşuny çaknyşdy
Gaza Sektoryndaky Palestinaly toparlaryň, Ysraýylyň harby goşunyna degişli 21 ulagy nyşana alandygy habar berildi.
Hamasyň Kassam atly ýaragly topary we Yslamy Jihad tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Palestinaly toparlar düýn Gaza Sektorynyň günortasyndaky Rafah bilen demirgazygyndaky Jibaliýa bosgun düşelgesinin gündogarynda Ysraýylyň harby goşuny çaknyşdy.
Çaknyşyklarda 14-i tank, 4-i buldozer we 3-i harby ulag bolmak bilen Ysraýylyň goşunyna degişli 21 ulag nyşana alyndy.
Çaknyşyklarda Ysraýylyň harby goşunyndan ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygy bellenildi.
Degişli Habarlar
Ysraýyl, Gaza Sektoryny Ýykyp Ýumurýar
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynda häzire çenli 33 milliard dollarlyk ýitgi çekildi.
BMG, Palestin Döwletiniň Ykrar Edilmegi Üçin Çagyryş Etdi
BMG-nyň habarnamaçylary dünýä ýurtlaryna Palestin döwletiniň ykrar edilmegi üçin çagyryş etdi.