Günbatar Ýurtlarynyň Uly Göwrümli Çaknyşyk Başlatma Ähtimallygy Bar

Russiýanyň Daşarky howpsuzlyk gullugynyň (SWR) Direktory Sergeý Naryşkin günbatar ýurtlarynyň uly göwrümli harby çaknyşyk başlatma ähtimallygyny ünsden düşürmeýandiklerini aýtdy.

2139659
Günbatar Ýurtlarynyň Uly Göwrümli Çaknyşyk Başlatma Ähtimallygy Bar

Prezident Wladimir Putin tarapyndan wezipesine gaýtadan hödürlenen Sergeý Naryşkin Federasiýa geňeşinde dalaşgärligi boýunça geçirilen maslahatda senatorlara ýüzlenip çykyş etdi.

Käbir günbatarly syýasatçylaryň hökmürowanlygyny dowam etdirmek üçin uly görwrümli harby çaknyşyk başlatmagy mümkin görýandigi hakynda maglumatlarynyň bardygyny gürrüň beren Naryşkin, emma günbatarda onuň öňüni alyp biljek jogapkärçilikli syýasatçylaryň hem bardygyny beýan etdi.

Naryşkin günbatar blogunyň uly göwrümli çaknyşygyň özleri üçin peýdaly “ göwnewaý derejede howpsuz” bolandygyny pikir eden halatynda, onuň bolup biljekdigine ynanmak üçin “düýpli esaslarynyň” bardygyny nygtady.

Beýleki tarapdan uly göwrümli çaknyşyk ähtimallygyny ortadan aýyryp biljek güýje eýe, jogapkärçilikli, hem global hem-de sebitleýin liderleriň bardygyny nygtan Naryşkin, SWR-niň hyzmatdaş gulluklar bilen dünýädäki wakalary ýakyndan seljerýändigini nygtady.



Degişli Habarlar