Peruda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi

Günorta Amerika ýurdy Peruda bir ýolagçy awtobusynyň agdarylmagy netijesinde 13 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy

2139755
Peruda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä ýurduň paýtagty Lima şäherinden ýola çykan awtobus awtomagistral ýolunda agdaryldy. 

Wakada 13 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy. 

Sebite köp sanda ýangyn söndüriji we raýat goranyş toparlary gönükdirildi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 


Etiketkalar: #heläkçilik , #awtobus , #Peru

Degişli Habarlar