Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Gün Saýyn Artýar

Ysraýylyň hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany 27 müň 131 adama ýetdi

2096859
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Gün Saýyn Artýar

Ysraýylyň, Gaza Sektoryna garşy 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany soňky 24 sagatda 112 adam artyp 27 müň 131-e ýetdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al Kudra, Ysraýylyň 119 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berdi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň soňky 24 sagatda Gaza Sektorynda ýene-de 112 palestinaly öldürendigi, 148 palestinalyny hem ýaralandygy nygtaldy.

Ysraýylyň hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sanynyň 27 müň 131, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 66 müň 287 adama ýetendigi ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar