Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Ukraina Russiýanyň Donetsk sebitindäki Pokrowsk etrabyna guran raketaly hüjümlerinde aralarynda çagalar hem bolan 10-dan gowrak adamyň ýogalandygyny habar berdi

2085186
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, rus goşunynyň Donetsk sebitiniň Pokrowsk etrabyna raketaly hüjümler gurandygyny mälim etdi. 

Hüjümleriň netijesinde aralarynda çagalar hem bolan 10-dan gowrak adamyň ýogalandygy bellenen beýanatda, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi beýan edildi. 

Beýanatda harabalyklaryň aşagynda 2-si çaga jemi 6 adamyň bolup biljekdigi bellendi. 

Riwne obasynda 3-si çaga 6 adamyň ýaşaýan öýüň dolulygyna ýumrulandygy bellenen beýanatda, wakanyň bolan ýerinde başladylan gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi aýan edildi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wlaidmir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda Pokrowsk etrabyna guralan hüjümiň üstünde durup geçdi. 

Rus goşunynyň Pokrowska guran hüjümlerinde S-300 raketalaryny ulanandygyny aýdan Zelenskiý, hüjümde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi. 

Zelenskiý: "Russiýa bu hüjümleriň hiç biriniň terror döwleti üçin jogapsyz galmajakdygyna göz ýetirmeli. Ony güýjümiz bilen, goranyşymyz bilen we syýasy ukybymyz bilen ýola goýmalydyrys" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Donetsk , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar