“Eilat Şäherine Guralan Hüjümden Siriýanyň Hökümeti Jogapkär”
Ysraýylyň harby goşuny hüjüme berk gaýtawul bermäge dowam etjekdigiklerini habar berdi
Ysraýylyň harby goşuny, ýurduň günortasynda ýerleşýän Eilat şäherinde düýn uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjüme garşylyk görkezendiklerini we Siriýada bir guramany nyşana alandyklaryny habar berdi.
Ysraýylyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, düýn Ysraýylyň günortasynda, Gyzyldeňiziň kenarynda ýerleşýän Eilat şäherine uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjüme garşy, Siriýada bir guramanyň nyşana alynandygy nygtaldy.
Beýannamada, Eilat şäherine guralan hüjümden Siriýanyň hökümetiniň jogapkärdigi nygtaldy we Ysraýylyň harby goşunynyň hüjüme berk gaýtawul bermäge dowam etjekdigi ýatladyldy.
Ysraýylyň harby goşuny düýn Eilat şäherinde uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçandygyny mälim edipdi.
Degişli Habarlar
ABŞ, Siriýadaky Harby Merkezlerine Goşmaça Esger Ugratdy
40 ulaglyk kerwen, Haseke welaýatynyň Kasrek obasyndaky harby merkeze bardy.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 37 müň 658, ýaralananlaryň sany hem 86 müň 237 adama ýetdi