El Babda Guralan Hüjümde 4 Adam Ýaralandy

PKK/ÝPG-ä agza terrorçylar, düýn ýary gije Kabbasine ýaragly hüjüm gurady.

2033237
El Babda Guralan Hüjümde 4 Adam Ýaralandy

Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat galkany”operasiýasy bilen terrordan saplanan Bab etrabynyň Kabbasin etrapçasynda ekstremist teror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan guralan hüjümde asuda ilatdan 4 adam ýaralandy.

PKK/ÝPG-ä agza terrorçylar, düýn ýary gije, Manbiçde basyp alyşlyk astyndaky Ureýmeden Kabbasine ýaragly hüjüm gurady.

Hüjümde asuda ilatdan 4 adam ýaralandy.

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň düýn hem ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Tel Abýat etrabynyň günortasynda ýerleşýän Salihiýe obasyna guran hüjüminde asuda ilatdan 1 adam ýogalypdy, 2 adam ýarlanypdy.

Bab etrabynyň merkezi 2017-nji ýylyň fewral aýynda “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen terror guramasy DEAŞ-dan saplanypdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar