Rus we Ukrain Ýesirleri Çalşyldy

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýesir çalşygynda 47 ukrain we 45 rus egeri boşadyldy.

2008061
Rus we Ukrain Ýesirleri Çalşyldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada, iki ýurduň arasynda ýesir çalşygynyň edilendigi habar berilip; “45 rus esgeri Ukrainadan ýesirlikden halas edildi. Boşadylanlara degişli lukmançylyk we pisiki kömek berilýär. Gysga möhletde bejergi we rehabilitasiýa üçin Russiýanyň Goranmak ministrligine degişli lukmançylyk merkezlerine getirilerler” diýilýär.

Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň Başlygy Abdriý Ýerman bolsa sosial mediada beren habarnamasynda, 45 esgeri we asuda ilatdan 2 adamy ruslardan ýesirlik halas etmegiň hötdesinden gelendiklerini beýan etdi. Boşadylanlaryň hatarynda ýarly esgerleriň hem bardygyny beýan eden Ýermak, Ukrainanyň harby ýesirlere kömek merkezi bilen bilelikde Prezident Wladimir Zelenskiýniň ähli ýesirleri halas etme maksadyna ýetmek üçin tagallasyny dowam etdirýändigini nygtady.



Degişli Habarlar