ÝB, Ýemene 193 Million Ýewrolyk Kömek Berer

ÝB saglygy goraýyş, azyk kömegi we arassa agyz suwy üpjünçiligi meselesinde hem kömek berer

1948910
ÝB, Ýemene 193 Million Ýewrolyk Kömek Berer

ÝB, Ýemende kömege mätäç halk üçin 193 million ýewrolyk kömegiň beriljekdigini mälim etdi.

Saud Arabystanynda geçirlen Halkara ynsanperwer kömek forumynda çykyş eden ÝB Komissiýasynyň krizis dolanşygyndan jogapkär agzasy Ýenez Lenarçiç, ÝB-niň Ýemende kömege mätäç halk üçin 193 million ýewrolyk kömek berjekdigini mälim etdi.

Kömegiň 136 million ýewrolyk böleginiň dowam edýän çaknyşyklar we tebigy apatlar sebäpli çekilen ýitginiň öweziniň dolunmagy maksady bilen beriljekdigi nygtaldy.

ÝB-niň saglygy goraýyş, azyk kömegi we arassa agyz suwy üpjünçiligi meselesinde hem kömek berjekdigi nygtaldy.

Ady agzalýan kömegiň galan böleginiň bolsa azyk howpsyzlygy üçin bölünip beriljekdigi ýatladyldy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar