ABŞ, Liwana 72 Million Dollarlyk Pul Kömegini Berer

Liwan esasan 2019-njy ýyldan bäri uly ykdysady krizisine garşy göreşýär.

1938054
ABŞ, Liwana 72 Million Dollarlyk Pul Kömegini Berer

ABŞ, Liwanyň harby goşunyna we howpsyzlyk güýçlerine 72 million dollarlyk nagt pul kömegini berer.

Liwanyň paýtagty Beýrutda BMG-nyň ýolbaşçylygynda, ABŞ-nyň Liwandaky ilçisi Doroti Şiniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda, Liwanyň harby goşunyna we howpsyzlyk güýçlerine beriljek kömekler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda soň ABŞ-nyň Liwandaky ilçisi Doroti Şi, Liwanyň Baş ştabynyn başlygy general-leýtenant Awny we Liwanyn İçeri howpsyzlyk güýçleriniň serkerdesi general maýor İmad Osman metbugata beýannama berdi.

ABŞ-nyň Liwanyň howpsyzlyk güýçlerine berjek kömegi hakynda maglumat beren ilçi Şi “Howpsyzlyk güýçleriniň her bir agzasyna 6 aýyň dowamynda 100 dollar bolmak bilen jemi 72 million dollarlyk pul kömegi berler” diýdi.

Liwan esasan 2019-njy ýyldan bäri uly ykdysady krizisine garşy göreşýär.

 


Etiketkalar: #nagt pul , #ABŞ , #Liwan

Degişli Habarlar