Meksikada aşa yssy howa sebäpli ýogalanlaryň sany 155 adama ýetdi

Meksikada şu ýylyň başyndan bäri täsirli bolan aşa yssy howa sebäpli ýogalanlaryň sany 155 adama ýetdi

2154574
Meksikada aşa yssy howa sebäpli ýogalanlaryň sany 155 adama ýetdi

Meksikanyň metbugatynda berilen habarlara görä, aşa yssy howa tolkunynyň täsirli bolan ýurtda adam pidalary çekilmäge dowam edilýär, suw bentlerindäki suwuň derejesi azalýar. 

Aglabasy Werakrus ştatynda bolmak bilen ýurt derejesinde 2024-nji ýylyň başyndan bäri 155 adam aşa yssy howa sebäpli ýogaldy. 

Werakrus, Tabasko, Tamaulipas, Nuewo-Leon we San-Luis-Potosi ştatlarynda howanyň yssylyk derejesi 45 gradusa ýetdi. 

Saglygy goraýyş sekretarlygyndan berilen maglumata görä diňe 13-18-nji iýun aralygynda 30 adam aşa yssy howa sebäpli ýogaldy. 

Metbugatda takmynan 2 müň 567 adamyň günüň urmagy sebäpli hassahanalara ýüz tutandygy mälim edildi. 

Aşa yssy howanyň 5-nji oktýabra çenli dowam etjekdigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #aşa yssy howa , #Meksika

Degişli Habarlar