Ermenistan Palestinany resmi taýdan ykrar etdi

Ermenistan Palestinany döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar etdi

2154702
Ermenistan Palestinany resmi taýdan ykrar etdi

Ermenistanyň resmi habarlar agentligi Armenpress tarapyndan Daşary işler ministrlige esaslanyp beren beýanatynda, Palestina döwletiniň Ermenistan tarapyndan resmi taýdan ykrar edilendigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Ermenistan halkara hukuk, halkaryň deňligi, özygtyýarlylyk we parahatçylyk içinde agzybir bolup ýaşamak ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar we Palestina döwletini ykrar edýär" diýip habar berildi. 

Ermenistanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Gazada dessine ýaraşyk baglaşylmagy baradaky kararlaryna goşulýandygy bellenen beýanatda, ýurduň iki döwletli çözgüdi goldaýandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar