Ysraýylyň goşunynyň guran soňky hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynyň tapawutly ýerlerinde öýlere guran howa hüjümlerinde aralarynda çagalar hem bolan ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy

2154551
Ysraýylyň goşunynyň guran soňky hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilýän habara görä, Ysraýylyň harby uçarlary, Gaza zolagynyň merkezindäki Nusaýrat bosgun düşelgesinde öýleriň birine howa hüjümini gurady. Hüjümde 2 palestinaly ýogaldy, 12 palestinaly ýaralandy. 

Ysraýylyň goşunynyň Bureýj we Megazi bosgun düşelgelerine artilleriýa ulgamlary bilen guran hüjümlerinde hem köp sanda palestinaly ýaralandy. 

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza şäheriniň günorta-gündogaryndaky Az-Zeýtun etrapçasyna guran hüjümlerinde azyndan 8 palestinaly ýogaldy. 

Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri Gaza zolagynyň merkezindäki Nuseýrat bosgun düşelgesinde 2 gün ozal Ysraýylyň harby uçarlary tarapyndan bombalanan öýleriň harabalyklarynyň aşagyndan ar-Rai maşgalasyndan 3 çaganyň we olaryň ejeleriniň jesedini çykardylar. 

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi düýn beren beýanatynda, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna guran hüjümlerinde azyndan 15 müň 517-si çaga, 10 müň 279-y zenan, 37 müň 431 palestinalynyň öldürilendigini, 85 müň 653 palestinalynyň bolsa ýaralanandygyny habar beripdi. 

Hüjümleriň netijesinde ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň aşagynda häzirki wagtda hem müňlerçe adamyň jesediniň bardygy, halkyň sygynýan hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň nyşana alynyp, raýat infrastrukturasynada zeper ýetirilýändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar