Gruziýanyň Premýer-ministri Ysraýylda Saparda Bolýar

Bennet bilen Garibaşwili duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1834849
Gruziýanyň Premýer-ministri Ysraýylda Saparda Bolýar

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili resmi sapar bilen Ysraýyla bardy.

Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Bennet, ýurdunda saparda bolýan Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.

Ysraýyl tarapyndan berlen beýannama görä, Bennet bilen Garibaşwili duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Iki lider, Ysraýyl bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda we maýa goýum mümkinçilikleri we oba hojalyk pudagynda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda hem pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar