ABŞ, Ukraina Goranyş Kömegini Bermäge Dowam Eder

“Russiýanyň basyp alyşlygyna garşy Ukraina goranyş we maliýe kömegini bermäge dowam ederis”

1814492
ABŞ, Ukraina Goranyş Kömegini Bermäge Dowam Eder

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki, ýurdunyň Ukraina goranyş kömegini bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Psaki, Ak Tamda metbugata beren beýannamasynda, “Russiýanyň basyp alyşlygyna garşy Ukraina goranyş we maliýe kömegini bermäge dowam ederis”diýip belledi.

Psaki, ABŞ-li wekiliýet Ukraina giden halatynda howpsyzlyk sebäpli öňünden hiç hili maglumat bermejekdiklerini emma Baýdeniň Ukraina gitmek ýaly meýilnamasynyň ýokdygyny ýatlatdy.

ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçihanasynda degişli çäreleriň görülmeginden soň Kiýewe dolanmagyny isleýändiklerini nygtan Psaki, ýurdunyň Ukraina esger ugratmajakdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

 



Degişli Habarlar