Kuleba: "ÝB-niň Russiýa garşy girizjek 5-nji sanksiýa bukjasy ýeterlik derejede däl" diýdi

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy

1806675
Kuleba: "ÝB-niň Russiýa garşy girizjek 5-nji sanksiýa bukjasy ýeterlik derejede däl" diýdi

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Russiýa garşy girizmegi meýilleşdirýän 5-nji sanksiýa bukjasynyň häzirki ýagdaýy bilen ýeterlik derejede bolmandygyny habar berdi. 

Twitter hasabyndan wideo ýüzlenme beren Kuleba, soňky birnäçe hepde bäri ÝB-niň Russiýa garşy girizilmegi meýilleşdirilen 5-nji sanksiýa bukjasynyň üstünde işleýändigini ýatladyp: "Bäşinji sanksiýa bukjasy Russiýanyň agressiýasyna we rus jenaýatlaryna ýeterlik derejede jogap däl" diýip nygtady. 

Kuleba, meýilleşdirilen sanksiýa bukjasynyň düzümini bilýändigini we häzirki ýagdaýy bilen kabul edilen halatynda, köpçülikleýin çykyşlar etmek we häzirki ýagdaýa proporsional bolmadyk reaksiýanyň bitarap netijelendirmesini durmuşa geçirmek ýaly çäreleri görmäge mejbur galjakdyklaryny habar berdi.  

ÝB-niň Russiýa garşy sanksiýalaryny artdyrmagynyň gerekdigini aýdan Kuleba, ÝB-niň 5-nji sanksiýa bukjasynyň düzüminde SWIFT ulgamyndan kesilen has köp rus banklarynyň bolmagy, Russiýanyň nebitine, gazyna we kömürine embargo goýulmagy we ÝB-däki portlaryň rus gämilerine we önümlerine ýapylmagy ýaly kararlaryň bolmalydygyny habar berdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar