Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde walýuta çalşygynyň ýerine ýetirilýän merkezinde, ýagny Şazada marketinde guralan bombaly hüjümde 10 adam ýaralandy

1806285
Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Şazada marketiniň Walýutaçylar bileleşiginiň resmisi Hajy Ziren metbuagata beren beýanatynda, markediň içine ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 10 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 

Şaýatlar bolsa hüjümde 15 adamyň ýaralanandygyny öňe sürdiler. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

Beýleki tarapdan ýurdyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda 1-nji aprelde guralan bombaly hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy. 

Ýaşaýjylarynyň aglabasy şaýy bolan Hyrat welaýatynyň Jebraýyl diýilýän ýerinde halk oýunlarynyň ýerine ýetirilýän mahaly guralan bombaly hüjümde 5 adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar