Russiýanyň Ukrainanyň Harkow şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Wladimir Zelenskiý, sosial media hasabyndan hüjüm bilen bagly beýanat berdi

2144535
Russiýanyň Ukrainanyň Harkow şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Harkow şäherindäki gurluşyk harytlaryny satýan söwda merkezine ugrukdyryjyly howa bombalary bilen hüjüm guramagy netijesinde ýogalanlaryň sany 14 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 40 adamdan geçendigini habar berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň düýn howadan bombalan Harkow şäherindäki söwda merkeziniň harabalyklaryny aýyrmak işleriniň dowam edýändigini belläp: "Häzirki wagta çenli 14 adam ýogaldy. Ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýärin. Ýogalan adamlaryň sany has köp bolup biler. Ýangyndan soň ýogalanlar barada anyk maglumat almak üçin goşmaça derňewleriň geçirilmegi hökmany. Ýaralanan adamlaryň sany 40-dan geçdi" diýip mälim etdi. 

Zelenskiý ençeme ýurduň lideriniň, döwlet we halkara guramalaryň wekilleriniň Harkowdaky hüjüm sebäpli Ukraina gynanç we duýgudaşlyk bildirendigini we Russiýanyň hüjümini ýazgarandygyny aýdyp: "Bu ýazgarmalaryň adalatly netijelere getirmegi möhümdir. Şeýlelik bilen Ukrainany we şäherlerimizi goramak üçin ýeterlik derejede howa goranyş ulgamlaryna eýe bolarys" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň goranmak ministri Rüstem Umerow hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň wagşy agressiýasyna sezewardyklaryny belläp, Harkowdaky söwda merkezine guralan hüjümi Putiniň ýolbaşçylygyndaky režimiň Ukrainanyň halkyna garşy genosid aksiýasydygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Harkow , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar