Günbataryň Ýaraglary Russiýadaky Pozisiýalary Urmak Üçin Ulanylmaly Däl

Bu barasynda Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols beýannama berdi.

2144411
Günbataryň Ýaraglary Russiýadaky Pozisiýalary Urmak Üçin Ulanylmaly Däl

Olaf Şols Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Russiýadaky pozisiýalary urmak üçin günbataryň ýaraglaryny ulanmagyna garşydygyny beýan etdi.

Fedaral Kansler Şols Ukraina berilen nemes ýaraglarynyň ulanyş sferasynyň giňeldilmegi üçin häzirlikçe haýsydyr bir sebäbiň ýokdugyna ünsi çekip, ýaraglaryň üpjün edilmegi hakynda adybir ýurt bilen ylalaşylan we häzirki wagtda dowam edýän anyk düzgünleriň bardygyny ýatlatdy.

Şols, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Russiýanyň çäklerindäki pozisiýalary urmak üçin günbatarda öndürilen ýaraglaryň peýdalanylmagyna garşydygyny aýtdy.

Federal Kansler Berliniň resmi Kiýew boýunça syýasatynyň maksadynyň çaknyşygyň jahan urşuna öwrülmeginiň öňüni almakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Russiýa NATO-nyň agzalaryna Kiýewe berilýän ýaraglar sebäpli nota ugradyp, alýansa girýän ýurtlaryň “ot bilen oýnaýandygyny” beýan edipdi.

 



Degişli Habarlar