Netanýahu Gazzadan Çekilmegi Kabul Etmedi

Binýamin Netanýahunyň 8 aýdan bäri dowam edýän söweşi bes etmegi we Gazadan çekilmegi ret edendigi habar berildi.

2144518
Netanýahu Gazzadan Çekilmegi Kabul Etmedi

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň 8 aýdan bäri dowam edýän söweşi bes etmegi we Gazadan çekilmegi ret edendigi habar berildi.

Ysraýylyň döwlet telewideniýesi KAN-a görä, Binýamin Netanýahu, Söweş kabinetiniň “Hamas bilen ýesir çalşygy şertnamasy we Gazada söweşiň dowam etmegi” meselesinde geçiren maslahatynyň öňüsyrasynda, söweşiň bes edilmegine garşydygyny beýan etdi.

Ysraýyl 25-nji maýda Hamas bilen ýesir çalşygyny we hüjümleriň bes edilmegini maksat edinýän gepleşikleriň şu hepde başlajakdygyny mälim edipdi.

Hamas bolsa töwellaçylardan heniz hiç hili maglumatyň gelip gowuşmandygyny aýan edipdi.

Netanýahu, halky we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Hamas bilen ýesir çalşygy şertnamasyny syýasy sebäplerden kabul etmezlikde günäkärlenýär.

 

 



Degişli Habarlar