“Ýadro Gepleşiklerinde Ylalaşyk Gazanylmagy Üçin ABŞ Bilen Gepleşik Geçirip Bileris”

Ministr Abdullahiýan, ýadro gepleşikleri we ABŞ bilen geçirlip bilinjek gepleşikler hakynda maglumat berdi.

1767820
“Ýadro Gepleşiklerinde Ylalaşyk Gazanylmagy Üçin ABŞ Bilen Gepleşik Geçirip Bileris”

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, ýadro gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylmagy üçin ABŞ bilen gepleşik geçirip biljekdiklerini aýtdy.

Ministr Abdullahiýan, paýtagt Tähranda beren beýannamasynda, ýadro gepleşikleri we ABŞ bilen geçirlip bilinjek gepleşikler hakynda maglumat berdi.

ABŞ-nyň aýlawly ýollardan Eýran bilen göniden gepleşik geçirmek üçin ýüzlenmeler berýändigini aýdan Abdullahiýan “Ýadro gepleşikleri etabynda iň netijeli şertnamanyň ABŞ bilen geçiriljek gepleşiklerden soň baglaşylyp bilinjekdigini bilýäris” diýdi.

Ministr Abdullahiýan, ýadro gepleşiklerinde ýetilen sepgitde möhüm kararlaryň kabul edilip bilinjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar