Kowid-19-yň Agyr Kesellere Sezewar Bolma Howpuny 2 Esse Artdyrýandygy Anyklandy

Polşaly alymlar koronawirus sebäpli agyr kesellere duçar bolma howpuny 2 esse artyrýan geniň bardygyny anyklady.

1763855
Kowid-19-yň Agyr Kesellere Sezewar Bolma Howpuny 2 Esse Artdyrýandygy Anyklandy

 Ylmy barlag bilen pandemiýada iň agyr howpa sezewar adamlaryň kesgitlenip bilinjekdigi çaklanylýar.

Polşanyň Saglygy goraýyş ministri Adam Niedzielski 1,5 ýyl dowam eden ylmy barlagyň netijesinde Kowid-19 sebäpli agyr kesellere duçar bolmaga meýilli adamlardaky geni anyklamagyň mümkin bolandygyny beýan etdi.

Niedzielski şeýlelikde Kowid-19-dan agyr zyýan çekçek adamlary anyklap biljekdiklerini aýtdy.

Bialistok lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary şol geniň adamlaryň Kowid-19-dan näderejede zyýan çekjekdigini kesgitleýan ýaş, agram we jynsy özbolyşlykdan soň 4-nji faktör bolup durýandygyny kesgitledi.

Alymlaryň bu açyşyn iň ýokary howp toparyndaky adamlary sanjyma gönükdirmekde we reanimasiýa ýerleşdirme alternatiwini seljermekde kesgitleýijidigi beýan etdi.

Taslamadan jogapkär Professor Marjin Moniuszko şol geniň Polşanyň ilatynyň 14 göteriminde, Ýewropanyň ilatynyň 8-9, Hindistanyň ilatynyň bolsa 27 göteriminde bardygyny nygtady.



Degişli Habarlar