ABŞ-da 14 Ýaşly Gyz Polisiň Güllesi Sebäpli Öldi

Amerikanyň Los-Anželes şäherinde 14 ýaşly bir gyz egin-eşik dükanynyň eşik çalşylylýan otağynda polisiň atan güllesi sebäpli aradan çykdy.

1752202
ABŞ-da 14 Ýaşly Gyz Polisiň Güllesi Sebäpli Öldi

Şäheriň iň bir gelim-gidimli dükanlaryndan birinde ýüze çykan waka sebäpli polis geldi.

Polis gullukçylary waka sebäpli dükana gelinendigini, raýatlardan birini uran adamyň od açylyp öldürilendigini beýan etdiler.

Wakanyň dowamynda güllelerden biriniň diwary deşip, eşik çalşylýan otaga degendigini beýan eden ýolbaşçylar, “aňyrsy görünmeýän diwarda” deşigiň bardygynyň görülmeginden soň ýaş gyzyň jesediniň tapylandygyny aýtdylar.

Baş prokuror Rob Bonta Kaliforniýanyň Adalat ministrliginiň wakany derňeýändigini beýan etdi.

Hüjüme sezewar bolan zenanyň keselhana alynyp gidilendigi, ýagdaýynyň agyr däldigi habar berildi.


Etiketkalar: #jenaýat , #Los-Anželes , #ABŞ

Degişli Habarlar