Penjşirde Çaknyşyklar Dowam Edýär

Talibana agza 40-dan gowrak başbozaryň öldürlendigi öňe sürüdi

1701709
Penjşirde Çaknyşyklar Dowam Edýär

Owganystanyň Penjşir welaýatynda Taliban bilen asly täjik Ahmed Mesudyň ýolbaşçylyk edýän ýerli güýçleriň arasyndaky çaknyşyk dowam edýär.

Penjşir welaýatyndaky ýaragly güýçleriň metbugat geňeşçisi Fehim Deşti, sosial mediadan beren habarnamasynda Talibana agza 40-dan gowrak başbozary öldürendiklerini öňe sürdi.

Deşdi “2 gijeden bäri dowam edýän çaknyşyklarda duşman Baglan welaýatyndan 3 ýerden hüjüm gurady. Emma maksadyna ýetip bilmedi. 40-dan gowrak agzasy öldürildi, 30-i ýaralandy” diýdi.

Owgan köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä çaknyşyklarda Penjşirli 2 serkerde ýogaldy.

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjähid düýn Azadiradio habar saýtyna beren beýannamasynda, Talibanyň Penjşiri nyşana alandygyny emma welaýatda öňe gidişlik edip bilmändigini aýdypdy.


Etiketkalar: #Penjşir , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar