Eýranda Prezident Saýlawy Etaby Başlady

28-nji iýunda prezident saýlawy geçirler

2144399
Eýranda Prezident Saýlawy Etaby Başlady

Eýranda Prezident Ebrahim Raisiniň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagyndan 1 hepde soň 28-nji iýunda geçiriljek prezident saýlawy etaby başlady.

Döwlet teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Içeri Işler ministri Ahmed Wahidi düýn agşam ýörite krarnama bilen saýlaw etabynyň başladylmagy barada görkezme berdi.

Saýlaw kararnamasynda, “Aýetullah Doktor Ebrahim Raisiniň we ýoldaşlarynyň ýogalmagyna sebäp bolan heläkçilige gynanç bildirildi we konstitutsiýanyň 131-nji maddasyna laýyklykda 14-nji prezident saýlawynyň geçirilmegi üçin saýlaw etabynyň başladylmagy barada karar kabul edildi” diýildi.

Kararnama laýyklykda 3 güniň içinde welaýat we etrap häkimliklerinde saýlaw merkezleri dörediler.

Prezident Raisiniň 19-njy maýda dik uçar heläkçiliginde ýogalmagyndan soň konstitutsiýa görä, Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneýiň görkezmesine laýyklykda Prezidentiň birinji orunbasary Muhammed Muhbir wagtlaýyn bu wezipä bellenipdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar