“Halkara Jemgyýetçiligi Siriýanyň Halkyna Goldaw Bermeli”

Katar, Siriýa meselesiniň syýasy taýdan wagtlaýyn çözülmegi üçin täze iş meýilnamasynyň taýarlanmagy üçin çagyryş berdi

1601906
“Halkara Jemgyýetçiligi Siriýanyň Halkyna Goldaw Bermeli”

 

Kataryň Daşary işler ministriniň orunbasary Lulue Al Hatyr, halkara jemgyýetçiligine, Siriýa meselesiniň syýasy taýdan wagtlaýyn çözülmegi üçin täze iş meýilnamasynyň taýarlanmagy we Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşde siriýanyň halkyna goldaw berilmegi üçin çagyryş berdi.

Kataryň resmi habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Daşary işler ministriniň orunbasary Hatyr, BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň 46-njy oturluşygynda onlaýn ýagdaýda geçirlen “Siriýa we 10 ýyldan bäri dowam edýän söweş” temaly maslahata gatnaşdy.

Hatyr, Siriýa krizisi bilen birlikde siriýanyň halkynyň çekýän jebir-jepasynyň hem 10 ýyldan bäri dowam edýändigini belledi.

“Halkara jemgyýetçiligi krizisi çözüp bilmedi” diýen Hatyr, 10 ýyllyk ýitgiden soň ähli taraplaryň Siriýa meselesiniň harby däl eýsem syýasy taýdan çözülmegi meselesinde ylalaşyk gazandygyny nygtady.

Hatyr, halkara jemgyýetçiliginiň siriýanyň halkyna Kovid-19 epidemiýasyna garşy goldaw bermelidigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar