Koronawirus Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Dünýäde 1 Million 54 Müň Adamdan Geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 27 million 155 müň adama ýetdi

1504242
Koronawirus Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Dünýäde 1 Million 54 Müň Adamdan Geçdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 54 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany 36 million 52 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 27 million 155 müň adama ýetdi. 

Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanata görä, ýurtda ýene-de 986 adamyň ýogalmagy bilen, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 104 müň 591 adama ýetdi. Hindistanda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 72 müň adamlyk artyş bilen, jemi 6 million 757 müň 132 adama ýetdi. 

Afrika materiginde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 36 müň 967 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 527 müň 905 adama ýetdi. Afrika materiginde wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň köplügi boýunça Günorta Afrika Respublikasy 682 müň 215 adam bilen 1-nji orunda duran bolsa, 2-nji orunda 134 müň 695 adam bilen Marokko we 103 müň 781 adam bilen Müsür 3-nji orunda durýar. Günorta Afrika Respublikasynda 5, Müsürde bolsa 4 saglygy goraýyş merkezinde sanjym bilen bagly synaglar geçirilýär. 



Degişli Habarlar