Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Dünýäde Kowid-19 sebäpli 867,828  adam ýogaldy

1484171
Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 867 müň 828, wirusa ýoluganlaryň sany 26 million 202 müň, wirusy ýeňenleriň sany 18 million 463 müň adamdan geçdi.

Hindistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 67486 adama ýetdi. Hasaba alynanlaryň sany bolsa 3,853 000.

Russiýada täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 17,528 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 1 millio 9 müň adama ýetdi. Rus hökümetiniň beren beýannamasyna görä Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri we Maldiwler Respublikasy bilen halkara uçar gatnawarynyň ýaňadandan başladylmagy hakynda karar kabul edilendigi habar berildi.

Epidemiýada ikinji tolkunyň täsirinde bolan Ysraýylda ýene-de 3074 adamyň koronawirusa ýolugandygy anyklanyp, häzirki wagta çenli görülen iň ýokary bir günlük keselli sany hasaba alyndy. ýurtda şeýlelikde koronawirusa ýoluganlaryň sany 122,539  adama ýetdi.

Hytaýda soňky bir günde adam ýitgisi bolmasa hem wirusa ýoluganlaryň sany 85077 adama ýetdi. Hytaýyň Raýat awiasiýasy edarasyndan berilen beýannamada mart aýynda halkara uçar saparlaryna ýapylan Pekiniň Paýtagt howa menzilinin şu günden başlap Kanada, Awstraliýa, Taýlanda, Kamboçiýa, Pakistana, Gresiýa, Daniýa we Şwesiýa üçin uçuşlara açylandygy habar berildi.

Epidemiýada 329 raýatyny ýitiren Günorta Koreýada kesellileriň sanynyň artmagy sebäpli soňky iki hepdede görülýän goçmaça çäreleriň möhletinin uzaldylmagy meýilleşdirilýär.


Etiketkalar: #howply , #dünýä , #koronawirus

Degişli Habarlar