Owganystanda Talibanyň guran hüjüminde 3 polisiýa işgäri ýogaldy

Owganystanda Talibana agza terrorçylaryň Paktiýa welaýatynyň merkezindäki Polisiýa merkezine guran bombaly hüjüminde 3 polisiýa işgäri ýogaldy

1482792
Owganystanda Talibanyň guran hüjüminde 3 polisiýa işgäri ýogaldy

Paktiýa welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Abdulrahman Mangel, bomba ýüklenen ulagyň Polisiýa merkeziniň binasynyň girelgesinde partladylmagyndan soň, Talibana agza 2 başbozaryň polisiýa merkezine girip çem gelen ýere od açandygyny habar berdi. 

Hüjümde 3 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny, 5 polisiýa işgäriniň bolsa ýaralanandygyny aýdan Mangel, hüjümçileriň gysga wagtyň içinde täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar