Täjigistandaky rus harby bazasynda tälim türgenleşigi geçirildi

Tälim türgenleşigine S-300 howa goranyş ulgamlary bilen birlikde Mi-8 dik uçarlary hem gatnaşdy

1457228
Täjigistandaky rus harby bazasynda tälim türgenleşigi geçirildi

 

Russiýanyň daşary ýurtdaky iň uly harby bazasy bolan Täjigistandaky 201-njy rus harby bazasynda S-300 howa goranyş ulgamlarynyň ulanylmagynda tälim türgenleşigi geçirildi

Russiýanyň Merkezi harby serkerdeliginden berlen beýanata görä, bazadaky merkezlere howa hüjümini guran hyýaly duşman yza serpikdirildi.

Tälim türgenleşigine S-300 howa goranyş ulgamlary bilen birlikde Mi-8 dik uçarlary hem gatnaşdy.

Türgenleşigiň çäginde howa goranyş  ulgamlarynyň radar bekedi tarapyndan hyýaly duşman uçarlarynyň bardygy anyklanyldy. Türgenleşikde 15-nden gowrak raketa atyldy.

S-300 howa goranyş ulgamlary, oktýabr aýynda, 201-nji rus harby bazasyny howa hüjümlerinden we Orta Aziýa kollektiw howpsyzlyk zolagyny goramak maksady bilen Täjigistana ornaşdyrlypdy.

7 müňden gowrak rus esgeriniň iş alyp barýan ýeri bolan Täjigistanyň Duşenbe we Bohtar şäherlerinde gurlan harby baza, iki ýurduň arasyndaky şertnama laýyklykda 2042-nji ýyla çenli öz işini dowam etdirer.



Degişli Habarlar